1-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçiren «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
![]() |
![]() |
Gözden geçirilişiň jemine görä, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Kärizgenler» diýen sahna oýny bilen «Iň gowy sahna oýny üçin» atly baş baýraga eýe boldy. Ol şeýle hem «Spektakly täze döredilen sazlar bilen bezändigi üçin» hem-de «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan spektakl üçin» atly ýörite baýraklary bilen sylaglandy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Mukaddeslige tagzym» spektakly bilen «Spektaklda artistleriň iň gowy sazlaşykly hereketleri (ansambly) üçin», Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewa baradaky spektakly bilen «Sahna eserinde milli däp-dessurlary giňden wagyz edýändigi üçin» we «Spektaklda ýaş artistleriň ýokary ussatlygy üçin», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry «Altynjan hatyn» spektakly bilen «Taryhy zenan şahsyýetiň gahrymançylygyny iň gowy dabaralandyran sahna oýny üçin» we «Spektaklda keşplere kybap gelýän milli lybaslary taýýarlandygy üçin», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Ene» spektakly bilen «Zenanlaryň şahyrana döredijiligini giňden dabaralandyrýandygy üçin», Türkmen döwlet gurjak teatry «Mährem ene» spektakly bilen «Sahna bezeginde täze gözlegleri üçin», Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry «Ene süýdi» spektakly bilen «Spektaklda ýaş artistleriň ýokary ussatlygy üçin» atly ýörite baýraklara mynasyp boldular.
![]() |
![]() |
Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlarydyr Hormat hatlary hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem döredijilik bäsleşiginde aýratyn tapawutlanan teatr işgärlerine höweslendiriji baýraklar berildi. Tomaşaçylara hödürlenen sahna oýunlar Halkara zenanlar gününe ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan sowgady boldy.
![]() |
![]() |