Ï Meýlis Moşşyýew – zehinli suratkeş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meýlis Moşşyýew – zehinli suratkeş

view-icon 402
Meýlis Moşşyýew – zehinli suratkeş

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Meýlis Moşşyýewiň çeken suratlary täsin realizmi bilen tomaşaçylary hemişe haýran galdyrýar.

Eger olar kendir matanyň ýüzüne ýagly reňk bilen çekilip, çarçuwa salynmadyk bolsa, olary ajaýyp düşürilen reňkli fotosurat hasaplamak mümkin. Sebäbi olardaky dürli zatlaryň şekilleri edil janly ýaly ussatlarça berlipdir. Aslynda, bu şeýle-de bolmaly. Meýlis Moşşyýew indi ençeme ýyl bäri realizmiň hut nusgawy uslybyny üstünliklere ýetirdi.

Biziň ünsümizi onuň eserlerine Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri, sungat öwreniji Batyr Uzakberdiýew çekdi:

– Meýlis Moşşyýew sergilerimize işjeň gatnaşýar we Daşoguz welaýatynda ýagly reňk bilen surat çekmekde iň zehinli suratkeşleriň biridir.

Ýagly reňk bilen surat çekmek iň gadymy we iň meşhur usullaryň biri bolsa-da, şekillendiriş sungatynda iň kyn usullaryň biri bolmagynda galýar. Munda köp zat iş guralyňa erk etmek endikleriňe, reňkleri edil tebigatdaky ýaly birleşdirmegiň düzgünlerini bilşiňe we başga-da köp zatlara baglydyr.

– Men elmydama kendiri yhlas bilen saýlaýaryn we timarlaýaryn. Belki-de, her bir nakgaşda bolşy ýaly, meniňem öz timarlama ýollarym bardyr – diýip, Meýlis Moşşyýew aýdýar. – Ýyllaryň dowamynda men reňk çalmagy we ony gerek ýagdaýa ýetirmek boýunça öz usulymy işläp düzdüm.

Zatlary nädip hakyky bolşy ýaly suratlandyrmagy we olaryň reňklerini şeýle takyk bermegi başarýandygyny soranlarynda, Meýlis Moşşyýew şeýle jogap berdi:

– Suratlarymyň her birini, kendiriň ýüzünde suraty çekilýän zatlary-da, olaryň daş-töweregini-de takyk görkezmäge çalşyp, asla gyssanman, howlukman, darykman, birnäçe aýlap çekýärin.

Meýlis Moşşyýew surat çekmek bilen mekdepde okaýan döwründe gyzyklanyp başlaýar we Gubadag etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebinde geçilýän sapaklara höwes bilen gatnaşýar. Şu höwes hem onuň geljekki hünärini kesgitläpdir. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny «Şekillendiriş we amaly sungat görnüşleri» ugrundan tamamlaýar. Onuň suratlary Daşoguz welaýatynda we ýurdumyzyň paýtagtynda dürli sergilerde birnäçe gezek görkezildi.

Sözümiziň ahyrynda Meýlis Moşşyýewiň suratlaryndaky esasy syrlaryň birini açmak isleýäris. Olara ýagly reňk bilen çekilen işleriň köpüsi ýaly, uzakdan seretmeli däl-de, mümkin boldugyça, golaý durup synlamaly. Ana, şonda siz diňe şekili alnan zadyň takyk nusgasyny däl, hut hakyky özüni görersiňiz.