Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde öňden gelýän asylly däp bar. 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe diňe zenan suratkeşleriň işleriniň sergileri guralýar.
Şu ýyl 171 suratkeş şeýle mümkinçilikden peýdalandy. Olar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary, şeýle hem erkin suratkeşler.
Žiwopis, grafika işleri, gobelenler, heýkeller, keramika we şaý-sepler ýaly işleriň 285-si Sergi merkeziniň iki gatyna-da bezeg berdi. Bu işler näme hakynda? Güller, bahar, ene, gözel türkmen zenanlary hakynda...
Nurana Kulladowa «Çagaly öý bazar» atly şadyýan suratyny görkezdi. Çagalara daşyndan bakmagyň lezzeti bir başga!
Göwher Hydyrowa «Gorag» triptihini sergä hödürledi. Triptihiň merkezinde dürli ýagdaýlara görä tumar, gyralarynda bolsa sarymsak we gyzyl burç ýerleşdirilipdir. Ýöne eseriň özüne çekiji ýeri – erkekdir zenanyň çala bildirýän sudurlary, belki, olary tumarlar goraýandyr.
Aýgözel Çopanowanyň suratynda ýüzüniň bir bölegini kürte astynda gizleýän gelniň şekili haýrana goýýar. Owadan näzeniniň elinde bişen nar bar, surata «Syrly däp» diýlip at goýlupdyr.
Türkmen zenanlarynyň nesliniň durmuşy baradaky bäş surat has üýtgeşik görünýär. Suratkeşleriň şadyýan çeper eserleriniň arasynda Natalýa Kaluginanyň manzarlary çal reňkler bilen göze ilýär. Ýöne «Daň atmagyna ýarym sagat galanda» atly suratyň adyny okanyňda, bary düşnükli bolaýýar. 30 minutdan bu manzarda Gün dogar-da, durmuşyň täze ýene bir güni hemmetaraplaýyn beýanyny tapar.
Dilber Umarowanyň terrakota keramikasy islendik sergä bezeg berýär. Bu gezek suratkeş hoşamaý oba adamlarynyň 20-den gowragynyň – ozandyr sazandalaryň, aşyk-magşuklaryň, öý haýwanlaryny gowy görýän çagalaryň, parasatly gojalaryň hem-de olaryň oýnap ýören agtyklarynyň şekillerini görkezýär. Dilberiň oýlap tapyjylygynyň çägi ýok, ol hiç biri beýlekisine meňzemeýän owadan heýkeljikleriň ýüzlerçesini döretdi.
– Tomaşaçylar meniň eserlerime syn edenlerinde ýylgyrýarlar. Menem adamlary begendirmekden lezzet alýaryn – diýip, ol gürrüň berýär.
«Ilkinji ädim» we «Ene» atly eserleri bilen Gülşat Şöhratgeldiýewa özüni zehinli heýkeltaraş hökmünde tanatdy. Onuň elinden çykan heýkeller mähirli hem akýürek. Ýüzi agyr, ýöne häsiýeti adalatly zenanyň döşheýkeli tomaşaçylara tanyş görünýär. «Ilkinji ädim» atly heýkeli umman deý uly we üýtgeşik dünýä özbaşdak ýörjen-ýörjen bolup aýak basýan çaganyň durmuşynyň tolgundyryjy pursady beýan edilýär.
Serginiň açylyş dabarasynda iň gowy işleriň awtorlary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.