Ï Bäsleşige gatnaşan ýaş kompozitorlaryň konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bäsleşige gatnaşan ýaş kompozitorlaryň konserti boldy

view-icon 652
Bäsleşige gatnaşan ýaş kompozitorlaryň konserti boldy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ÝUNESKO tarapyndan guralyp, ýurdumyzda geçirilen ýaş kompozitorlaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.

Bäsleşigiň şertleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda deslapdan yglan edilipdi. Onuň düzümine Magtymguly Pyragy bilen bagly aýdymlar, hor eserleri we kamera-saz gurallary žanryndaky eserler girýär. Bäsleşige gatnaşýanlar Magtymgulynyň sözlerine öz döreden aýdymlaryny ýa-da beýik şahyra bagyşlanan eserleri ýerine ýetirmelidi.

Bäsleşige 13 ýaşdan 33 ýaş aralygyndaky 9 bäsdeş gatnaşdy. Bular sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we uçurymlarydyr.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýew we ÝUNESKO-nyň wekilleri tomaşaçylary ýaryşyň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Dokuz bäsdeşiň bäşisi baýrakly ýer aldy we bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesine Hormat hatlary gowşuryldy.

Kompozitorlaryň bäsleşigi bäsdeşleriň konserti bilen tamamlandy. Bäsdeşleriň iň ýaşy Aşgabat şäheriniň 1-nji sazçylyk mekdebiniň okuwçysy Tylla Şirowa konserti açmak hormaty berildi. Tylla Magtymgulynyň sözleri esasynda goboý we fortepiano üçin täzeden düzülen iki eseri – «Namaz» we «Hasar dagy» atly eserlerini ýerine ýetirdi. Sazyň goboý bölegini Ahmet Abaýew çaldy. Tyllanyň ýerine ýetiren başga bir sazy «Hasar dagydyr». Bu saz üçin ýaş kompozitor Gulbaba baýragyny aldy we Moskwada geçen iki halkara bäsleşigiň baýragyna mynasyp boldy.

Öz sesleri bilen bäsdeşleriň eserlerini bezäp çykyş eden Begenç Moşşyýew, Aýna Seýitgulyýewa we beýleki tanymal aýdymçylar-da konserte gatnaşdy.

– Emin agzalarynyň biri hökmünde ýaş kompozitorlaryň ýurdumyzyň medeni we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandygyna begenýärin – diýip, Suhan Tüýliýew bäsleşik barada pikirini jemleýär. – Köplenç, «Bizde ýaş kompozitorlar ýokdur öýdýärdim» diýen sözleri eşidýärin. Bäsleşik bolsa bizde olaryň bardygyny we hersiniň özüne mahsus uslyba eýedigini görkezdi. Bu meni gaty begendirýär.

Ýaş kompozitorlaryň bäsleşiginiň dowamy bar. Eýýäm täze şertler yglan edildi. Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýaşy 18 – 35 aralygynda bolmaly. Dalaşgärler aýdym, hor eseri, oda ýaly žanrlar boýunça bäsleşerler. Eserleriň mowzugy erkin.