Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi «Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny» at bilen duşuşyk gurady.
Çäräniň çäklerinde iki dostlukly halkyň eli çeper zenanlarynyň işleriniň, çeken suratlarynyň, milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Bu ýerde dünýä belli türkmen halylary, milli lybaslar, dokma önümleri we türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary we urp-adaty barada gürrüň berýän sungat eserleri görkezildi.
Dostlukly halkyň taryhy we medeni mirasy Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan üpjün edilen sungat eserleri arkaly görkezildi. Özboluşly, baý we dürli görnüşli bu gymmatlyklar eýran halkynyň köptaraply medeni mirasyny aýdyň görkezýär we onuň sungatyna hem durmuşyna has gowy düşünmäge ýardam edýär.
Duşuşygyň dowamynda «Parahatçylyk we ynanyşmak – binýatlyk ýörelge», «Çaga terbiýesi – röwşen geljegiň binýady», «Telekeçi zenanlar ykdysadyýetiň ösüşinde» atly temalar boýunça özara pikir alyşmalardyr maslahatlar bilen dowam etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem öz ýurtlarynyň ykdysadyýetine möhüm goşant goşýan häzirki zaman zenan telekeçileriň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä dürli ugurlarda işleýän zenanlar gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk we medeni çäreler bölüminiň müdiri E.Orazowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Rysgal» gazetiniň baş redaktory G.Gurbanowa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň başlygy Ebrahim Pärwiz, Tähran uniwersitetiniň müdiriýetiniň agzasy, bu uniwersitetiň zenanlar, maşgala we metbugat pudagynyň wekili Maleki Farab Neda Hafez, Maşat şäheriniň zenanlar komitetiniň başlygy we telekeçi zenanlaryň wekili, fizika ylymlarynyň doktory Salimi Fateme Hossein dagy gatnaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlary goldamak we maşgala gymmatlyklaryny berkitmek ugrunda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.