Geçmişe nazar aýlanyňda ýyldyrym ýaly atylyp gelýän wagt bilen türkmen milletiniň yrylmaz ykbalyny, taryha tap beren şöhrat-şanyny gerdenine alyp, ýyldyz ýaly süýnüp gelýän bedewlerimiz göz öňüne gelýär.
Gadymyýete gop berip, milletiň merdana ahwalyny bagtyýar zamanamyza — Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly döwletli döwre ýetiren bedewlerimiz ýene-de dünýä halklarynyň dilinde. Ata-babalarymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biri bolan behişdi bedewlerimiz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen dünýä çykýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hut özüniň başlangyjy, bimöçber aladalary bilen mundan 18 ýyl öň — 2007-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi, bu toparyň dünýäniň iň uly halkara sirk sungatynyň festiwallarynda ýeňiş gazanyp, baş baýraklaryň ençemesine mynasyp bolmaklygy gerçek ýigitlerimiz bilen düýni bir, şany bir bedewlerimizi äleme äşgär etdi.
Ynha, ýaňy-ýakynda bolsa, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber ýigitleridir gyzlarynyň Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolmaklary bu topar bilen bilelikde «asman atlary» adyny alan ajaýyp bedewlerimiziň hem şan-şöhratyny ýene-de bir gezek arşa göterdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dünýä ýaň salan ýeňişler bilen başlan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Türkmenistanyň döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet sirkiniň sungat ussatlary bilen welaýatlarymyza sapara gelmekligi bolsa lebaplylaryň bu meşhur toparyň oýunlaryna ýakyndan tomaşa etmek baradaky arzuw-hyýallaryny Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bina edilen milletiň mukaddeslik hasaplaýan «Türkmeniň ak öýi» binasynda duşurdy.
Täsin tomaşalar döwlet sirkiniň ezber artistleriniň çykyşlary bilen başlandy. Sirk meýdançasynda žonglýorlaryň çylşyrymly tilsimleri, ekwilibrler, reprizalar, ýagny, masgarabazlaryň çykyşlary, halkaly çykyşlar, eldekileşdirilen maýmynjyklar, girdenek at bilen guralýan oýunlar tomaşaçylaryň şowhunly elçarpayşmalary bilen garşylandy. Nobat «Galkynyşyň» ganatly bedewleridir ezber ýigitlerine ýetende bolsa, bu toparyň çykyşlaryna mawy ekranyň üsti bilen tomaşa edip, buýsanjyny tug edinip ýören Gündogar sebitiň ýaşaýjylarynyň şatlygy Jeýhun derýasynyň joşy bilen kybaplaşdy. Sirk arenasynda ýigitleriň 17-siniň we saýlama bedewleriň 10-nyň täsin tilsimleri, «asman atlary» bilen hereketleriň sazlaşygy, bedewleriň wagtdanam ozup bilýän tizligi bu ajaýyp bina ýygnanan ildeşlerimiziň şatlyk-şowhuny bilen utgaşyp, ruhy bitewiligi emele getirdi. Biri-birinden owadan bedewleriň sazlaşykly ýörişi, ezber ýigitleriň gylyç-galkanly oýny, çapyp barýan atlaryň üstünde emele getirilen piramida... — tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak pursatlar boldy. Toparyň ajaýyp çykyşynyň dowamynda ýene-de bir täsin sazlaşygy — behişdi bedewlerimiz bilen toparyň agzalarynyň göreni haýrana goýýan milli eşikleriniň gözelliginiň sazlaşygyny belläp geçmek hökmandyr. Elbetde, bu pederlerimiziň milli atşynaslyk sungaty bilen eziz enelerimiziň mähre eýlenen kalbyndan gaýdýan çeper elleriniň sungatynyň utgaşmagydyr, milli ruhumyzyň milli barlyga, milli gözellige öwrülen bitewiligidir.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmäge, lezzet almaga, buýsanmaga gelen dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň şowhunly elçarpyşmalary sirk aýlawynda gudrat görkezýän ezber ýigitlere, uçmahy bedewlerimize goýulýan belent hormat-sarpanyň owazy bolup, milli mirasymyza, ahalteke bedewlerimize, milli sungatymyza belent sarpa goýýan, «asman atlarymyzyň» şanyny dünýä çykarýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk nagmalary bolup ýaňlandy. Toparyň çykyşynyň Lebap welaýatynyň gyzlar tans-folklor topary bilen bilelikde ýerine ýetirmeklerinde meşhur «Küştdepdi» tansy bilen tamamlanmagy bolsa, ýurdumyzda milli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Diýarymyza gül-gunçalara beslenip, toý bolup gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda, mart aýynyň 5 – 7-si aralygynda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet sirkiniň — dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýürekleri galkyndyryjy çykyşlary Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna, şonuň bilen birlikde mähriban zenanlarymyza mynasyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Gadamyň batly, ýeňişleriň höwri köp bolsun, «Galkynyş» topary!