Ï «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

view-icon 1434
«Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaş suratkeşleriň arasynda «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär ýörite sungat mekdepleriniň talyplarynyň hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bu döredijilik bäsleşigi, ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmakda, mährem zenanlarymyzyň abraý-mertebesini çeper eserleriň üsti bilen beýan edýän ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini nakgaşçylyk we grafika ugurlary boýunça hödürlediler. Onda eziz enelerimize aýratyn hormat goýmak, ony mukaddeslige deňemek ýaly ýörelgelerden ugur alnyp, mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy beýan edýän işler öz ornuny tapdy.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.