Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan «Talyp gözeli – 2025» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplaryna bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmak bagty miýesser etdi.
Emin agzalarynyň öňünde kyn wezipe durýardy: olar akyl-bilimi, döredijilik ezberligini özünde jemleýän çeper elli iň gowy talyby saýlamalydylar. «Talyp gözeli» atly bäsleşikde gyzlar özlerini diňe bir aňsatlyk bilen milli türkmen tagamlaryny taýýarlaýan öý hojalykçylar ýaly däl-de, eýsem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mowzugyndan sahna çykyşlaryny taýýarlan ezberler hökmünde-de görkezdiler.
Bäsdeşleriň zehinine mynasyp baha bermek bilen, emin agzalarynyň «Talyp gözeli – 2025» adynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň birinji ýyl talyby Aýlar Çaryýewa bermek baradaky karary yglan edildi.
Ýürek buýsanjynda «Talyp gözeli» ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirýän aladasy we goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi. Ol häzirki wagtda ýaş nesliň ösmek we durmuşda ornuny tapmak üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Geljekki hünärmenler halkara olimpiadalara we ýaryşlara işjeň gatnaşyp, mynasyp netijeleri görkezmek bilen, dünýä ýüzünde Watanymyzyň şöhratyny artdyrýarlar.
Halkara zenanlar gününe gabatlanylyp, her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» bäsleşigi hem ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin uly mümkinçilik bolup durýar. Gyzlar bu bäsleşige gatnaşmak bilen, öz zehinini görkezýärler, halkyň baý medeni mirasy baradaky bilimlerini çuňlaşdyrýarlar, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna hormat goýýarlar we röwşen geljegimize goşant goşýarlar. Bu bäsleşik gelin-gyzlary päsgelçilikleri ýeňip geçmek bilen, başlan işlerinde üstünlik gazanyp, täze belentliklere ymtylmaga ruhlandyrýar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.