Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilowyň konsertini gurap, Halkara zenanlar gününe sowgat taýýarlady. Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolan konserte ýygnan tomaşaçylardan ýaňa zal hyryn-dykyn doldy.
Russiýaly aýdymçy konserti Iogann Strausyň «Ýarganat» operasyndan «Orlowskiniň tosty» atly aýdymy bilen açdy. Dürli röwüşli mahmal owazly bariton diňleýjileri derrew özüne bendi etdi. A.S.Puşkiniň sözlerine romanslardan popurri, zenanlara söýgini beýan edýän ozalky meşhur estrada we daşary ýurt aýdymlary ýaňlandy. Albert Jalilow serenada žanryndaky eserleri balkondaky tomaşaçylara bagyşlady.
Estrada aýdymçysy Maýsa Nyýazowa Albert Jalilow bilen bilelikde Sebastýan de Iradýeniň «Ezizim» atly aýdymyny ýerine ýetirmek miýesser etdi. Aýdymçylar bu esere duýgudyr yhlas siňdirdiler welin, aýdym hakykatdanam aşyklar söýgüsini beýan edýän ýalydy. Konsertde Andreý Babaýewiň «Seniň jady gözleriň» we Rejep Gutlyýewiň «Aşgabadym» atly aýdymlary, şeýle hem «Bilbil» atly tatar halk aýdymy ýaňlandy. Tomaşaçylar russiýaly myhmany şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler, «Katarina» atly aýdymyny bolsa bilelikde ýerine ýetirdiler. Albert Jalilowyň mylakatlylygy we zehini şol agşam oňa üstünlik getirdi.
Konsertiň yzysüre Albert Jalilow bilen geçirilen söhbetdeşlikde:
– Aşgabada ilkinji gezek gelşim, şu wagta çenli şäheriňizi diňe awtoulagyň penjiresinden görüp ýetişdim. Ýagşyň ýaganyna garamazdan, arassalygy we idegliligi bilen ol mende gowy täsir galdyrdy. Men onuň gözel ýerleri bilen hökman tanşaryn. Paýtagtyňyzda bolan ilkinji günümi tutuşlygyna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary bilen geçirdim. Bir gezek taýýarlyk geçip, iki konsert berdik. Diňe kärine juda ussatlar şeýle işläp bilerler, men orkestriň sazandalarynyň başarnygyna haýran galýaryn. Özüm Astrahanda dünýä indim, diýmek, biziň aramyzda umumy Hazar deňzi bar. Indi men kä Moskwada, kä Sankt-Peterburgda ýaşaýaryn we işleýärin. Şu ýylyň mart aýynda meniň festiwalym bolar, ol telewideniýede görkeziler. Ajaýyp tomaşaçylaryňyza duşanymdan soň, janköýerlerimiň sany artar diýip pikir edýärin. Saparymdan diýseň hoşal. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň zenanlaryny Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramy bilen ýene bir gezek gutlaýaryn – diýip, ol buýsanjyny beýan etdi.