Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň senetçileriniň arasynda «Senetçilik – milli mirasymyz» atly bäsleşik geçirýär.
Bäsleşik zehinli senetçileri höweslendirmäge niýetlenendir. Ol iki ugurdan geçirilip, bäsleşige halyçylar, keşde gaýaýan çeper elli zenanlar, zergärler, demirçi ussalar, küýzegärler, deri önümçiligi bilen meşgullanýanlar hem-de neçjarlar çagyrylýar.
Bäsleşigiň birinji ugry türkmen milli senetçiligi, ikinjisi —Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan önümlerdir. Bu işler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda alnyp barylýan özgertmeleri, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryny, şeýle hem ýurduň halkara başlangyçlaryny görkezmelidir.
Işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergiler bölümine iberilmeli. Şeýle hem işiň gysgaça beýany, işi ýerine ýetiren baradaky (ýaşaýan ýeri ýa-da iş ýeri, telefon belgisi, ady we familiýasy) maglumaty goşmaly.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergide hem-de maslahatda yglan ediler we sylaglanar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 21 23 75; +993 12 21 23 64; +993 12 21 23 68.