Ï Stambulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Stambulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi

view-icon 792
Stambulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp brifing geçirildi.

Brifingde Türkiýede tanymal okuw jaýlaryň biri Bahçaşehir Uniwersitetiniň, Stambul şäherindäki ýokary okuw jaýlarynyň «Türk dünýäsi» klubynyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň talyplary hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş Konsuly M.Öwezow öz çykyşynda ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara derejesinde geçiriljek çäreler i barada ýygnananlaryň aýratyn ünsini çekdi. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy.

Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň halkara we döwlet derejesinde geçiriljek möhüm çäreleriň aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýe bolýandygy nygtaldy.

Şeýle hem, çäraniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.