Ï Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary döredilýär

view-icon 484
Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary döredilýär

Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän biziň ýurdumyz sebit we yklym döwletleriniň arasynda ulag we logistika hyzmatlaryny ösdürmäge jogapkärçilikli çemeleşýär, milli ulag infrastrukturasynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi birnäçe ugurlar boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň ösüşini artdyrmak maksady bilen ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin birnäçe iri taslamany durmuşa geçirýändigini bellemelidiris. Ýurduň ýol ulgamlaryny täzeden gurmak boýunça işler alnyp barylýar, bar bolanlardan başga-da täze awtoulag ýollaryny gurmak meselesi öwrenilýär we «Demirgazyk-Günorta» we «Günbatar-Gündogar» halkara ulag ulgamlaryny döretmek işleri dowam etdirilýär.

Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda iň möhüm baglanyşykdyr.