Ï Daşoguz welaýatynda sogan ekilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda sogan ekilýär

view-icon 1783
Daşoguz welaýatynda sogan ekilýär

Daşoguz welaýatynda ýazky sogan ekişi dowam edýär. Şabat etrabynda häzirki wagtda 70 gektar meýdanda işler ýokary depginde alnyp barylýar. «Nowbahor», «Gülistan» we beýleki daýhan birleşikleriniň ekerançylary bu işe jogapkärçilikli çemeleşdiler. Etrapda jemi 490 gektar meýdana ýazky sogan ekiler.

Şu ýyl welaýat boýunça 2200 gektar meýdanda sogan ekmek meýilleşdirilýär. Ekişde onuň ýerli howa şertlerinde ýetişdirmäge uýgunlaşan ýokary hasylly, ir ýetişýän we guraklyga çydamly görnüşleri ulanylýar. Sebitde möwsüme taýýarlykda ekin meýdanlaryny saýlamaga, ýeri taplandyrmaga we beýleki möhüm oba hojalyk usullaryna aýratyn üns berildi.

Daýhanlar sogan ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň gowy hasyl almaga we her gektardan azyndan 250 sentner hasyl almaga mümkinçilik berer diýip umyt edýärler. Welaýatyň Akdepe etrabynda bu ekin üçin 700 gektar meýdan bölünip berildi.