Ï Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Täze günüň hereketi» sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Täze günüň hereketi» sergisi açyldy

view-icon 495
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Täze günüň hereketi» sergisi açyldy
camera-icon
Hasan Magadow

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramyny giňişleýin belleýär. Onuň esasy ileri tutulýan ugry hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylykly we ynamly gatnaşyklary ýola goýmakdyr. 

ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp halkyň, şol sanda türkmenleriň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny öz içine alýar. Medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet däplerini we maşgala däp-dessurlaryny, aýdym-saz mirasyny utgaşdyrýar

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy mynasybetli dürli aýdym-saz dabaralary, halk ansambllarynyň çykyşlary we milli oýunlar bahar meýdançalarynda joşgunly geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Täze günüň hereketi» atly sergi açyldy.

Sergide türkmen baharynyň gözelligini wasp edýän suratkeşleriň we türkmen halkynyň ajap näzeninlerini bezäp biljek zergärleriň eserleri görkezilýär. Bu ýerde ajaýyp keşdeli milli lybaslar hem görkezilýär.

Bu ýere gelýänleriň ünsüni senetçilik önümleri, şol sanda dutar we gyjak saz gurallary, şeýle hem dürli öý goşlary özüne çeker. Dogduk topragyň tebigatyny şekillendirýän haly-pannolarda – al-ýaşyl öwüsýän öri meýdanlary, gyrmyzy gülälekli meýdanlar we ýüwrük jerenler özboluşly sazlaşyk döredilýär.

Şeýle hem halylar we haly önümleri bilen bezelen tärimiň öňünde un üweýän türkmen zenanynyň heýkeli bar. 

Nowruzyň buşlukçylary – gök maýsa, pişme we semeni bejermek, serginiň baýramçylyk äheňini artdyrdy.

Muzeý işgärleriniň ünsli saýlan gymmatlyklary myhmanlarda baýramçylyk şatlygyny döretdi.