Ýurduň hususy pudagynyñ gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän baýramçylyk sergisi öz işine başlady. Sergide türkmen kärhanalary tarapyndan öndürilýän köp sanly harytlar we hyzmatlar, hususy pudagyñ ösýän dürlüligini we ösüşini görkezýär.
Bu çäre hususy pudagyň mundan beýläk-de ösmegi we giňelmegi üçin möhüm bolan içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm platformany üpjün edýär.
«Ýedidogan nur» hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminiň müdiri Hojaguly Hojagulyýew:
– Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ döredilmeginiñ 17 ýyllygy mynasybetli guralan sergisinde «Ýedidogan nur» hojalyk jemgyýeti bolup hyzmatymyzy hödürleýäris. Biziñ hojalyk jemgyýetimiz 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, polipropilenden çeýe gaplama örtükleriniň ýüzüne rotograwýur usulynda çap etmek görnüşindäki önümçilik işine 2019-njy ýylda başlady. Rotograwýur usuly, çap etmek önümçiliginiň iň kämilleşen ýokary hilli görnüşidir.
Önümçilikde dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän enjamlar ulanylyp, ýörite bilimli hünärmenleriň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda, önümler ýokary hilde öndürilýär. 8 reňke çenli çap etmek, aýda 300 tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolup 750-den gowrak önümleriň we 100-den gowrak kärhana bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Çörek, şokolad we konditer önümleri, snekleri, gury iýmitleri (gury süýt, drož, makaron, duz), kofe we çaý, azyk we senagat harytlary (himikatlar, önümçilik himiýasy), arassaçylyk we tämizlik harytlary (ýuwujy serişdeleri, çyg we gury salfetkalar), doňdurylan iýmit we doňdurma, dik durma gaplary (sous görnüşleri, guradylan önümleri, suwuklyklar) şeýle hem miweleriñ we gök önümleriň çeýe gaplama örtüklerini taýýarlaýarys.
Ýerli telekeçileriň we işewürleriñ gaplama örtüklerine bolan isleglerini, talaplaryny göz öňünde tutup azyk we senagat önümleriniň ýumşak gaplamalarynyň dizaýn işlerinden başlap, çuňňur çap etmek usulynda taýýarlamak, laminasiýa esasynda kombinirlemek (II we I gat), taýýar gaplamalary rulonlaýyn saramak we kesmek ýaly hyzmatlaryny hödürleýär.
Hiline gözegçilik, öndürilen önümiň görkezijileriniň bellenilen talaplara laýyklygyny barlamaga gönükdirilendir. Şeýle barlag zaýaçylygyň ýüze çykmagynyň öňüni almak, şeýle hem bar bolan standartlara laýyk gelmeýän önümleriň öndürilmezligi üçin zerurdyr.