Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän giň gerimli sergi ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan hödürlenýän azyk önümleriniň köplügini görkezýär.
«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti köp dürli önüm, şol sanda ter miweleri we täze önümini, ýagny doňdurma arkaly kişde edilip, «Erem» ýarlygy bilen çykarylýan miweleri görkezdi.
Doňdurylyp kişdelenen bananlar, almalar we ýer tudanasy eýýäm hem içerki, hem daşarky bazarda meşhurlyk gazanypdyr. Ýakyn wagtda bu sanawyň üstüne şetdaly, gawun we hurma ýaly möwsümleýin miweler-de goşular.
Kompaniýanyň wekili Oguldöndi Myradowanyň belleýşi ýaly, doňdurma arkaly kişde edilen miweler smuzlarda we kokteýllerde, şeýle hem aşpezlikde, şirin köke bişirmekde we desert döretmekde tüýs gerek zatdyr.
«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti sublimasiýa, ýagny ýokary derejede gaýtadan işlemegi we miweleriň peýdaly häsiýetlerini gorap saklamagy üpjün etmek bilen, terlikden kişdä öwürýän häzirki zaman enjamlaryny ulanýar. Temperatura gözegçilik edýän enjam bilen üpjün edilen ammarlar önümleri uzak möhletleýin saklamaga ýardam edýär. Güýçli doňdurma miweleriň terligini we tagamyny saklamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa olary şondan soň ulanmak üçin aňrybaş amatly edýär.
Kompaniýanyň önümlerine «Global G.A.P.» standartyna laýyklykda, şahadatnama berlipdir, bu bolsa olaryň ýokary howpsuzlyk we daşky gurşaw ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu önümler ýurdumyzyň welaýatlaryna we daşary ýurtlara yzygiderli iberilip dur. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän badama-da esasy üns gönükdirilendir.
Dört kompaniýanyň gatnaşmagynda döredilen «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýär. Innowasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy we berk hil gözegçiligi kompaniýanyň bazaryň öň hatarynda orun eýelemegine we işjeň ösmegine mümkinçilik berýär.