Ï «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

view-icon 324
«Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
camera-icon
Hasan Magadow

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ondan öň ýurdumyzyň welaýatlaryna, Aşgabada we Arkadag şäherine wekilçilik edýän orta mekdepleriň 2-4-nji synplarynyň zehinli okuwçylary saýlama synaglaryna gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna welaýat, Aşgabat, Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlara eýe bolan on dört sany zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykanlar üç ugurda bäsleşdiler. Birinji ugurda gyzjagazlar Watan, bagtly çagalyk, dostluk, parahatçylyk we sagdyn durmuş ýörelgesi ýaly möhüm temalara bagyşlanan aýdym-saz çykyşlaryny hödürlediler. Öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çagalar hakda edýän aladalary üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Ikinji ugurda milli eşikli we şaý-sepli gyzjagazlar şahyrana setirleri ýerine ýetirmekde çeper ussatlygyny görkezdiler. Üçünji ugurda gyzjagazlar nesilden-nesle geçip gelýän milli senetçilikde başanyklaryny görkezdiler.

Baş baýraga Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa mynasyp boldy.

Birinji orny Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa eýeledi.

Ikinji orny Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen bilim-terbiýeçilik toplumynyň 2-nji synp okuwçysy Gülnar Gurbangulyýewa we Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 29-njy mekdebiň okuwçysy Aýgözel Muhammedowa paýlaşdylar.

Üçünji orny Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gülnäz Şamyradowa, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Melek Esenowa we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Amanowa eýelediler.

Eminler topary bäsleşige gatnaşan beýleki ýaş zehinleri hem olaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna görä, «Mahmal owazly gyzjagaz», «Milli zynatly gyzjagaz», «Çeper waspçy gyzjagaz», «Watançy gyzjagaz», «Şahandaz gyzjagaz», «Saýrak dilli gyzjagaz», «Şirin owazly gyzjagaz» diýen ugurlar boýunça sylaglady.

Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guradylar.