Ï Çelýabinskiniň wekiliýeti «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyna baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çelýabinskiniň wekiliýeti «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyna baryp gördi

view-icon 1693
Çelýabinskiniň wekiliýeti «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyna baryp gördi

«Ölçeg tehnikasy boýunça ylmy-barlag instituty – A.M.Breýgin adyndaky radiotehniki toplumlar» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşdylar. Wekiliýet özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi.

Çäräniň dowamynda institutyň wekilleri forumyň guramaçylygyna ýokary baha berdiler.

– Biz Türkmenistana ilkinji gezek geldik, forumyň ýokary derejede guralandygyny bellemek isleýäris. Arassa we owadan Aşgabady haladyk. Türkmen halysynyň milli muzeýine, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndaky sergä baryp gördük. Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlary bilen tanyşdyk – diýip, Anastasiýa Ohotnikowa gürrüň berdi.

– Ýurduňyzyň oba hojalyk önümleriniň ýokary hiline aýratyn baha berdik. Türkmen öndürijileriniň önümleri, datly pomidor, gawun we beýleki önümleri Çelýabinskiniň dükanlarynda satylsa gaty gowy bolardy – diýip, Ýelena Salnikowa aýtdy.

«Ölçeg tehnikasy boýunça ylmy-barlag instituty – A.M.Breýgin adyndaky radiotehniki toplumlar» paýdarlar jemgyýeti döwrebap nawigasiýa, howa hereketine gözegçilik we uçarlaryň ýerde we deňizde gonmagy üçin işlenilip taýýarlanylan häzirki zaman radio-elektron enjamlaryny ösdürmekde Russiýanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir.