Ï Türkmenistanyň fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň wekilleri Astanada geçirilen sebit maslahata gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň wekilleri Astanada geçirilen sebit maslahata gatnaşdylar

view-icon 1661
Türkmenistanyň fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň wekilleri Astanada geçirilen sebit maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti serhetde fitosanitar we weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýan fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň täze işgärler üçin başlangyç okuw ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça sebit maslahatyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna ýardam maksatnamasynyň (BOMCA 10) guran bu maslahaty 18-20-nji mart aralygynda Astanada geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar sanitariýa we fitosanitar gulluklary üçin işgärleri taýýarlamakda ÝB ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar we häzirkizaman bilim gurallaryny ulanyp okatmagyň usullaryny öwrendiler.

Latwiýaly bilermenler uzak aralykdan okatmak, hakyky ýagdaýa golaý türgenleşik we okuw usullary ýaly innowasion çözgütleri ulanyp, okuwy guramagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Maslahatyň jemi boýunça oňa gatnaşyjylar serhetde fitosanitar we weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýan fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň işgärleri başlangyç taýýarlamak üçin teklipleri we maslahatlary işläp taýýarladylar.