Ï Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynda geljek bäş ýyla ileri tutulýan ugurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynda geljek bäş ýyla ileri tutulýan ugurlar

view-icon 1472
Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynda geljek bäş ýyla ileri tutulýan ugurlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ilat gaznasy bölümi milli hyzmatdaşlaryny guramanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin ýurt meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.

Bu maksatnama 2024-nji ýylda geçirilen birnäçe maslahat duşuşygyndan soň milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Ol ÝUNEFPA-nyň geljek bäş ýylda ýurtda alyp barjak işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Bu resminama Türkmenistanyň ilatynyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we zerurlyklaryna laýyk gelýär.

ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça müdiri Çinwe Ogbonna ÝUNFPA-nyň Türkmenistan hökümetiniň goldawy bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky herekete ygrarlydygyny aýtdy. Ol Maksatnamanyň bilelikdäki tagallalar arkaly Türkmenistanyň ilatynyň abadançylygyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.