Ï Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

view-icon 1513
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi.

O.Atabaýewa halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin myhmana hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Russiýanyň ýolbaşçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Hanym Inna Swýatenko, öz gezeginde, ajaýyp Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.

Duşuşykda ynsanperwer ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi. Çagalaryň saglygyny goramagyň we ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri alyp barmagyň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazna tarapyndan häzirki wagta çenli amala aşyrylan işleriň çagalaryň sazlaşykly ösmegine, olaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Hususan-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik kömeginiň iberilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan bu düzümiň durmuşa geçirýän işleri barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko iki ýurduň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.