Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
O.Atabaýewa giň möçberli halkara çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin türkmen tarapynyň adyndan hoşallyk bildirip, dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli salamyny beýan etdi. Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri, öz gezeginde, halkara foruma gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetine üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilen maliýe serişdelerini bölüp bermek yzygiderli häsiýete eýe boldy. Dünýäniň birnäçe döwletlerine ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi bu düzümiň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge-de möhüm goşant goşýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Myhman gaznanyň işine ýokary baha berip, bu işleriň Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly we sagdyn ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň anyk görkezijisi bolup durýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.