Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty « Açyk gapylar» gününe çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty « Açyk gapylar» gününe çagyrýar

view-icon 753
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty « Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty öňümizdäki 2025-2026-njy okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebe okuwa girmek isleýän mekdep okuwçylarynyň uçurymlary üçin gapylaryny giňden açdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty özünde ilkinji myhmanlar hökmünde Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy orta mekdepleriň we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiň hem-de Arkadag şäherindäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny garşylady.

Ýokary okuw mekdepde geljekki dalaşgärler Türkmenistanyň daşary syýasaty, ýurduň daşary ykdysady aragatnaşyklary we diplomatik gatnaşyklary, şeýle hem ylmy we bilimi kämilleşdirmäge hem-de innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen döwlet özgertmeleri temalaryna degişli bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik aldylar.

«Açyk gapylar» gününe gelenlere institutdaky taýýarlyk ugurlary, onuň fakultetleri we bölümleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Ýaşlar üçin kompýuter, lingafon, interaktiw okuw otaglaryna, göni terjime ediş otagyna, «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, okuw studiýasyna baryp görmek arkaly ýokary okuw mekdebi boýunça tanyşdyryş gezelenji guraldy. Şeýle hem mekdep okuwçylary Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezine, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezine hem-de Ýaş diplomatlar mekdebine baryp gördüler. Olar hem institutyň düzüminde ýerleşýär.

Ýokary okuw mekdepde «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi şu aýyň dowamynda bellenildi. 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da institut okuwa girmäge gyzyklanýan ähli ýaş raýatlary – Ahal welaýatyndaky orta mekdepleriň uçurymlaryny, harby gullukçylary, şeýle hem önümçiliklerde işleýän ýaşlary çagyrýar.

Institutyň salgysy: Aşgabat ş, Galkynyş köç., 25. Habarlaşmak üçin telefon belgi: 26-61-13.

Ýurduň welaýatlarynda ýaşaýan ýaşlaryň okuwa girmek isleýänleri üçin Türkmenistanyň DIM-niň HGI-si «Açyk gapylar» günlerini 1-nji we 14-nji aprelde aralykdan aşakdaky okuw mekdeplerinde geçirýär:

  • Balkan welaýatynyň ýaşlary üçin «Türkmennebit» Döwlet konserniniň Balkanabat nebit orta hünär okuw mekdebinde;

  • Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda;

  • Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

  • Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.

Hemme isleýänler Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebi bilen islendik gün hem-de islendik amatly wagtda institutyň resmi saýtyna girip tanşyp bilerler.