Ï Mekdep okuwçylary Halkara guşlar gününe bagyşlanan bäsleşige gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary Halkara guşlar gününe bagyşlanan bäsleşige gatnaşdylar

view-icon 671
Mekdep okuwçylary Halkara guşlar gününe bagyşlanan bäsleşige gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara guşlar gününe bagyşlanan «Guşlar dünýäsi» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guran bu bäsleşigi fewral-mart aýlarynda geçirildi. Bu çärä Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Ornitologiýanyň gyzykly dünýäsine has çuň aralaşmak üçin Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri muzeý sergisine gezelenç etdiler we mekdeplerde göçme sergi guradylar. Bu ýetginjekleriň guşlar baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

Mekdep okuwçylary Türkmenistandaky guşlaryň köpdürlüligini öwrendiler we biologiýasy bilen tanyşdylar. Sergide guşlaryň gäpleri, höwürtgeleri, ýumurtgalary we çeper şekilleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde ýurduň guşlaryna bagyşlanan heýkeltaraşlyk kompozisiýalary we beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

Bäsleşige 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy, olaryň 37-si baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňijileri gutlamaga tebigaty goraýyş guramalarynyň wekilleri, ornitologlar we biologiýa mugallymlary ýygnandy. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we höweslendiriş baýraklary gowşuryldy.

Halkara guşlar güni her ýyl 1-nji aprelde bellenilýär. Bu baýramçylyk guşlaryň köp görnüşiniň ýitip gitmegi meselesine ünsi çekmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bu möhüm ekologiýa çäresi bilen baglanşykly bäsleşikler we sergiler geçirýär.