Şu gün Samarkantda kriosfera we howanyň üýtgemegi boýunça milli hem ikinji derejeli sebitleýin hereket meýilnamalary boýunça üçünji sebitleýin maslahaty öz işine başlady.
Ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň strategik ekologiýa maksatnamalaýyn hereketlerini işläp düzmegiň usulyýetine eýerip, «Durnukly ösüşiň toplumlaýyn usullaryny işläp düzmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin ýerasty buzluklar ulgamlaryna baha bermek işinde sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam etmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny berkitmek» taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar.
Maslahatda kriosferany öwrenmek boýunça bilermenler we Şweýsariýanyň Friburg uniwersitetiniň alymlary ýygnandy. Oňa Türkmenistan tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň öňdebaryjy hünärmenleri we bilermenleri, şeýle hem bu ugurdaky ýokary okuw mekdepleriň alymlary gatnaşýarlar.
ÝUNESKO-nyň Özbegistandaky wekilhanasynyň başlygy Sara Noşadi we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa maslahata gatnaşýanlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygy artdyrmak boýunça derwaýys meseläni çözmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Maslahatyň birinji gününde seljeriş derňewini başlatmak we milli hem strategik hereket meýilnamasyny düzmek işi bilen tanyşdyrmalar boýunça mejlisler geçirildi. Maslahata gatnaşýanlaryň arasynda bolan aç-açan gepleşik aýratyn gyzyklanma döretdi, bu gepleşigiň barşynda taslama gatnaşýanlaryň mundan beýläkki hereketleri barada pikir alşyldy. Bu maslahat 2023-nji ýylda Almatyda we Aşgabatda geçen sebitleýin maslahatlarda başlanan öňki ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamydyr.
Taslamanyň esasy maksady Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň howanyň üýtgemeginiň kriosfera täsirine uýgunlaşma mümkinçiligini güýçlendirmekdir. Ol, şeýle hem buzluklary, doňaklyklary we gar örtügini-de goşmak bilen kriosfera baradaky bilimleri birleşdirmäge, maglumatlary ýygnamagy we seljermegi gowulandyrmak arkaly aşaky akymlaryň çäklerine edýän täsirlerine düşünmek we netijeli karar kabul etmekleri hem çydamlylyk strategiýalaryny işläp düzmekleri üçin, gyzyklanýan taraplara zerur maglumatlary bermegi maksat edinýär.
Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýadaky kriosfera boýunça täze taslamasynyň sebit ýurtlarynyň kriosferany öwrenmek, howanyň üýtgemegi baradaky möhüm pikirleri gözden geçirmek we kriosfera gözegçiligi babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm wezipesiniň bardygyny bellemek möhümdir. Taslama, şeýle hem maglumatlary ýygnamaga, alyş-çalyş etmäge we geljekki ösüş tertip sanawy üçin esaslaryň işlenip düzülmegine ýardam edýär.
3-nji aprelde maslahat öz işini dowam etdirer, onda «Synag taslamalary boýunça pikirler» mejlisiniň çäginde ÝUNESKO-nyň taslamasyny ýurtlaryň derejesinde durmuşa geçirmek boýunça çäreler teklip ediler.