Ï «Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi

view-icon 785
«Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi

3-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzda her ýyl 7-nji aprelde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda boldy.

Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, deputatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler, raýatlaryň jan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkara sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirip, saglyk ulgamlaryna innowasion tejribeli enjamlaryň ornaşdyrylmagy ugrundaky oňyn netijeler, paýtagtymyzda, welaýatlarda, Arkadag şäherinde hereket edýän häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 4 ýylyň içinde haýyr işleriň, ýagny näsag çagalaryň 500-den gowragynda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigi barada buýsanç bilen bellediler.