Ï «Made in Italy» günleri, ýewropaly ýerine ýetirijileriň konserti we Aşgabatda geçiriljek beýleki medeni çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Made in Italy» günleri, ýewropaly ýerine ýetirijileriň konserti we Aşgabatda geçiriljek beýleki medeni çäreler

view-icon 1403
«Made in Italy» günleri, ýewropaly ýerine ýetirijileriň konserti we Aşgabatda geçiriljek beýleki medeni çäreler

Aşgabat şäheri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli mirasy goldamaga hem sungat arkaly halkara gepleşikleri berkitmäge gönükdirilen dürli medeni çäreler üçin meýdança boldy. Öňümizdäki günlerde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary bu başlangyjyň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşyp bilerler.

4-nji aprelde sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Paris la nuit – Berlin im Licht» («Pariž – gijede Berlin – ýagtylykda») atly konsert geçiriler. Bu medeni agşamda meşhur nemes aýdymçysy Katarina Merlingiň, pianinoçy Ferdinand fon Zebah we dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestri çykyş eder. Kurt Waýlyň we Edit Piafyň eserleri ýerine ýetiriler.

Apreliň 5-i bilen 9-y aralygynda paýtagtymyzda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy we türkmen modalar öýüniň wekilleri bilen bilelikde guran «Made in Italy» günleri geçiriler. Bu çäre «Ashgabat Fashion Long Weekend» başlangyjyna bagyşlanýar.

Paýtagtymyzyň teatrlary nusgawy ýazyjylaryndan başlap, häzirki zaman drama eserlerine çenli dürli sahna oýunlaryny görkezerler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

04.04.2025 «Dutaryň owazy» 18:00;

05.04.2025 «Çynymy аýtsam» 19:00;

06.04.2025 «Wah, siz aýallar» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

04.04.2025 «Balzaminowyň öýlenişi» 19:00;

05.04.2025 «Körpe gelin» 19:00;

06.04.2025 «Ene» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

04.04.2025 «Sabyr Ataýewa» 19:00;

05.04.2025 «Bir gijäniň gudraty» 19:00;

06.04.2025 «Näzli dildarym» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

04.04.2025 «Чеховские водевили» 19:00;

05.04.2025 «Aлладин и волшебная лампа» 12:00;

05.04.2025 «Восемь любящих женшин» 19:00;

06.04.2025 «Maша и медведь» 11:00; 13:00;

06.04.2025 «Aршин мал алан» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

05.04.2025 «Çynymy аýtsam» 19:00;

06.04.2025 «Amanat giýew» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

04.04.2025 «Ýartygulak» 19:00;

05.04.2025 «Janly gurjaklar» 17:00;

05.04.2025 «Çagaly öý bazar» 19:00;

06.04.2025 «Böwenjik» 12:00; 17:00;

06.04.2025 «Çagaly öý bazar» 19:00.