2025-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy bellenilýär. Şan-şöhraty Türkmenistanyň çäklerinden has uzaga ýaýran artistiň ýadygärlik ýubileý dabarasy dogduk şäheri Kerkide-de, Moskwada-da bellendi.
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» IX Moskwa halkara sungat festiwalynyň täze möwsüminiň bu möhüm senä gabatlanan «Türkmen bilbili» konserti bilen açylmagy aýdymça bolan çuňňur hormatyň beýany boldy.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekillerini, döredijilik we ylmy işgärleri, şeýle hem Moskwada ýaşaýan türkmenleri bir ýere ýygnan bu çäre Russiýanyň sungat akademiýasynyň «Zuraba Sereteli sungat galereýasynyň» muzeý we sergi toplumynda geçirildi.
Aýdym-sazly maksatnamada dürli toparlar we aýdymçylar çykyş etdiler, olaryň arasynda Russiýanyň milli gwardiýa goşunlarynyň akademiki aýdym-saz ansamblyndaky studiýanyň Waleriýa Gorýunowanyň ýolbaşçylygyndaky garyşyk hory-da bardy. Şeýle hem ajaýyp çykyşlar ezber pianinoçy Ýeliseý Babanow, «Gelikon-operanyň» artisti Darýa Guseýnowa (soprano) we «Dutaryň owazy» VIII halkara sungat festiwalynyň çagalar ýaş toparynyň baş baýragynyň eýesi Kseniýa Çerkasowa dagy çykyş etdiler. Olara öňki geçen ýyllardaky festiwalyň ýeňijileri – soprano Ýana Kolomiýes, Margarita Gawrilina, Ýelena Družinkina we Polina Weres hem goşuldy. Konsertiň alyp baryjysy meşhur dirižýor we teatr mugallymy Ýewgeniý Wolkowdy.
Konsert maksatnamasy meşhur opera aýdymçysynyň baý ýygyndysyndan saýlanan eserleri: Gündogaryň we Günbataryň saz däpleriniň sazlaşykly utgaşmasyny görkezýän Ýewropanyň nusgawy opera eserlerinden ariýalar we türkmen kompozitorlarynyň romanslaryny öz içine alýardy.
Konserte gatnaşanlaryň köpüsi Medeniýet Şahberdiýewany tanaýardy we agşamyň aýdym-sazly bölümi tamamlanandan soň, ony mähir bilen ýatladylar. Aýdymçynyň seýrek duş gelýän gözel sesi – liriki koloratura soprano sesi bardy, munuň saýasynda ol köp-köp türkmen, daşary ýurt we rus opera eserlerinde özüni görkezdi.
Çykyşlarynyň dowamynda tomaşaçylar bu opera läheňiniň ussatlygyndan hemişe lezzet alýardylar, onuň sesini bolsa bilbil owazyna deňeýärdiler. Medeniýet Şahberdiýewanyň özüniň ýatlamalaryna görä, bu şahyrana deňeşdirmäni ilkinji gezek meşhur aýdymçy Bela Rudenko aýdypdyr, onuň hem koloratura soprano sesi bardy.
Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi oňa bagyşlap, goşgy ýazan köp şahyry ruhlandyrýardy. Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedow ýörite onuň üçin «Hirosima we Nagasakiniň çagalarynyň soňuna çenli diňlenmedik aýdymlary» atly wokal-simfonik eserini döretdi, bu eseri aktýor düşündirişiniň çylşyrymlylygy nukdaýnazaryndan mono-opera bilen deňeşdirmek mümkin. Ýubileý konsertinde Darýa Guseýnowanyň ýerine ýetiren bu eseri ýene-de tomaşaçylarda çuňňur duýguly seslenme döretdi.
«Türkmen bilbili» Medeniýet Şahberdiýewa kompozitorlaryň tutuş nesli üçin hakyky ylham çeşmesidi. Onuň özboluşly wokal zehini we ajaýyp şahsyýeti uly täsir goýupdy, hususan-da «Dutaryň owazy» festiwalyny esaslandyryjy kompozitor Mamed Guseýnow.
– Medeniýet Şahberdiýewanyň zehinine şahsy haýranlygym, hakykatdanam çäksiz we ussatlyga bolan bu çuňňur hormat biziň döredijilik hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapdy. Gurbannazar Ezizowyň sözlerine düzülen, ýagny biri-biri bilen baglanyşykly «Söýgim» we «Meniň topragym» atly iki romansdan ybarat bolan ikileme munuň netijesi boldy – diýip, Mamed Guseýnow sözüniň üstüni ýetirdi.
Medeniýet Şahberdiýewa adatdan daşary gujury, şadyýanlygy bilen tapawutlanýardy we mydama hoşniýetlilik we duýgurlyk görkezmek bilen töweregindäkilere kömek etmäge synanyşýardy. Ol özüni uzak wagtlap, ömrüniň ahyryna çenli konserwatoriýada mugallymlyk işine bagyşlady we işini tüýs ýürekden söýýärdi, okuwçylaryna uly mähir bilen çemeleşýärdi we olarda sungata söýgi döredýärdi.
«Dutaryň owazy» festiwalynyň bäsleşik bölümi şu ýylyň güýzünde geçiriler. Oňa ýekelikde ýerine ýetirijileriň, ansambllaryň we horlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Swetlana Çirsowa