Şu ýylyň 31-nji martyndan 5-nji apreline çenli Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary» (SECCA) taslamasynyň bilermenleri we halkara geňeşçileri Türkmenistana geldiler.
Olar saparyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirdiler we olar bilen bilelikde amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilermenler Energetika ministrligine edilen kömegiň çäginde ilkinji tehniki resminamany – «Elektrik enjamlar işledilýärkä howpsuzlyk çäreleri baradaky teklipleri» gowşurdylar. SECCA taslamasynyň hünärmenleri ministrlik bilen hyzmatdaşlykda iki sany halkara maslahat geçirdiler.
SECCA-nyň bilermenleri, şeýle hem Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binasynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördüler. Olar ornaşdyrylýan energiýa netijeliligi tehnologiýalary bilen tanyşdylar we gurluşyk tamamlanandan soň, bu bina «Ýaşyl şahadatnama» bermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.