Ï Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 1919
Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Nýu-Delide okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Tanyşdyryş dabarasynda talyplara 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýurtda geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň görnükli söz ussadynyň mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň, şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan çäreleriň giňden beýan edilýän “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar kitabyň şahyryň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň örän gymmatly açary boljakdygyna ynam bildirdiler.