11-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing geçirildi.
Brifinge jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyş eden myhmanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler, döredilenine 4 ýyl dolýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan haýyr işler, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň ähmiýeti barada aýtdylar.
Brifingiň dowamynda talyplardyr hünärmenleriň arasynda täsirli bolan sowal-jogaplar alşyldy.