Ï Şagylyç Ataýewiň şahsy sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şagylyç Ataýewiň şahsy sergisi

view-icon 2350
Şagylyç Ataýewiň şahsy sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2018-nji ýyldaky uçurymy Şagylyç Ataýew Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde şahsy sergisini açdy we suratçylyk sungatyny söýýänleri geň galdyrdy.

Doglan gününi belleýän iň juwan şahs hökmünde: Şagylyç Ataýew bary-ýogy 35 ýaşynda. Ol sergide impressionizm usulynda çekilen suratlarynyň 140 sanysyny goýdy.

Serginiň açylyş dabarasynda Şagylyç Ataýew özi hakynda gürrüň berip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okan döwründe, yza galýan okuwçylaryň biri bolandygyny aýdanda, onuň çeken suratlaryna seredeniňde, muňa ynanmak kyndy.

Soňky wagtlar türkmen nakgaşlary adatdan daşary zehinlerini barha köp ýüze çykarýarlar. Şagylyç Ataýewiň çeken suratlarynyň ýanlarynda sagatlap durulýan açyk, baý, duýgur manzaralary munuň subutnamasydyr. 

«Günebakar» atly suratda tomusda kiçijek güneş mysaly açyk sary güller gyşda ýagyşdyr sowuk şemalda gama batyp, olar tomus günlerini ýada salyp süllerýärler. Bu suratyň deňinden duýgudaşlyk etmän geçmek kyn.

Köpetdagyň etegindäki gür otly öri meýdanlarda düýeler özlerini düýpden başgaça alyp barýarlar, bu ýerde gülleriň ysy bark urýan bahar howasy diňe bir adamy däl, eýsem, «Düýeler» atly suratyndaky çöl gämilerini hem maýyl edýär. «Bahar köçebagy» atly suratynda bolsa näzik ýapraklar bilen bezenen ýaşajyk daragtlar bahar paslynda, gyzlaryň bolşy ýaly, tertip bilen hatar tutup durlar.

«Köýtendag», «Gökdere», «Dagda dogan gün», «Aýly daglar» we beýleki dag manzaralarynda nakgaş daşyň suratyny açyk garamtyl-gyrmyzy we gök hem goýy goňur reňkleri çalmak arkaly çekýär. Bu bolsa daglara gazaply häsiýet berýär.

«Iki tut agajy» alty suratyndaky özboluşly liriki ýagdaýy – iki agajyň bütin ömrüni mähir bilen berk gujaklaşyp geçendigini görkezýär. Bu agaçlara gözüň gidýär.

Şagylyç Ataýew Durdy Baýramowy, Yzzat Gylyjowy, Stanislaw Babikowy we ýewropaly post-impressionistler Winsent Wan Gogy we Pol Sezanny özüniň halypasy hasaplaýar. Ol şularyň işlerinden öwrenip, öz usulyny döredipdir. Sergidäki iň özüne çekiji suratlaryň biri-de «Kitaply natýurmort» atly suratydyr. Bu surat Wan Goguň usulynda çekilipdir. 

Serginiň açylyş dabarasyna Şagylyç Ataýewiň ogly-da gatnaşdy. Kakasynyň ogly sungat söýüjileriň hataryna kybap geldi – kakasyny gutlanlarynda, el çarpdy we sergä gelen beýleki adamlar ýaly, suratlary synlady. Ulaltmazdan aýdanyňda, örän gyzykly bu sergini hökman baryp görüň! Şonda siz ýurdumyza zehinli suratkeş Şagylyç Ataýewiň gözi bilen seredersiňiz.