«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Deňiz» myhmanhanasynda deňiz ätiýaçlandyryşy boýunça iki günlük maslahat geçirildi.
Maslahat «Oakeshott Insurance» kompaniýasynyň wekiliniň we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hem-de onuň garamagyndaky guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda guraldy. Maslahatda halkara bilermeni gämileri ätiýaçlandyryş we gymmatly aktiwleri adatdan daşary ýagdaýlarda az çykdajylar bilen zyýandan goramak işi barada maglumatlary paýlaşdy.
«Oakeshott Insurance» kompaniýasy 1993-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar. Deňiz ätiýaçlandyryşy – deňiz gatnawy we ýükleri deňizde daşamak bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyryşydyr. Mundan başga-da, ol emläk ätiýaçlandyryşynyň dürli görnüşlerini, jogapkärçiligini birleşdirýär we gämileri, ýükleri, kireýine alnan gämide daşalýan ýükleri we gämi eýeleriniň üçünji taraplaryň jogapkärçiligini ätiýaçlandyryşy öz içine alýar.