Ï Türkmenistan Ýaponiýa ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Ýaponiýa ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar

view-icon 844

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň dabaraly açylşyndaky çykyşynda: “Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris.

Bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň birnäçesi taraplaryň tagallalary netijesinde uzak möhletleýin, strategik häsiýetli ýola goýlan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä çykandygyna şaýatlyk edýär.

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýär.

Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistan Ýaponiýa bilen kemala gelen oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklary şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hem deňhukuklylyk, özara hormat we ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär.

Milli pawilýonyň myhmanlary ýurdumyzyň senagatda we oba hojalygynda, dokma we himiýa senagatynda, syýahatçylykda we beýleki pudaklarda gazananlary bilen tanşyp bilerler.