Ï TEIF 2025-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça kitapça teklip edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TEIF 2025-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça kitapça teklip edildi

view-icon 2937
TEIF 2025-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça kitapça teklip edildi

Kuala-Lumpurda başlanan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2025) çäginde «The Investor» halkara neşiriniň taýýarlan ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary boýunça ýöriteleşdirilen gollanmanyň ilkinji sany hödürlendi. 

«Beyond Investments Group» meşhur neşiri bolan «The Investor-yň redaksiýa direktory Leandro Slowinski bu gollanmanyň hut şu wagt neşir edilmeginiň aýratyn ähmiýetini belläp, TEIF 2025-iň Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligini görkezmek üçin özboluşly meýdança bolandygyny belläp geçdi. Şeýle hem ol nebit-gaz pudagynyň möhüm ornuna we bu pudagyň möhüm mümkinçiligini görkezýän halkara hyzmatdaşlar, şol sanda «PETRONAS» we Ýakyn Gündogar kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Forumyň mejlisleriniň birine ýolbaşçylyk eden Leandro Slowinski neşiriň esasy maksadynyň hususy maýa goýum wekilleri bilen Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakdygyny belledi.

Ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler barada geljekki maýadarlara habar bermegiň möhümdigine ünsi çeken «The Investor» neşiri bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlary ýüze çykarmagy we ýaýratmagy, şeýlelik bilen türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmegi öz wezipesi hasaplaýar.

Foruma gatnaşyjylara eýýäm elýeterli žurnalyň ýöriteleşdirilen ilkinji neşiri nebithimiýa, dokma senagaty, bilim we syýahatçylyk ýaly möhüm pudaklary öz içine alýan Türkmenistanda maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berýär. Neşir Türkmenistanyň maýa goýum landşaftyny öwrenmek we ösdürmek isleýän halkara işewür toparlary üçin ygtybarly çelgi bolmaga niýetlenendir.