Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda şu ýylyň 15-nji maýyndan yzygiderli awtobus hyzmatlary ýola goýlar.
Bu awtobus ugry «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy. Şäherara awtobus biletleri, gatnaw resmi taýdan işe başlamazyndan 10 gün öň satyn alnyp bilner. Biletleri «Awtomobil ulag hyzmaty» (auh.com.tm) paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýty arkaly, «Şäherara bilet» goşmaça göçme programmasynda, şeýle hem Aşgabadyň Halkara awtomenzilinde we «Awaza» söwda merkezinde satyn alyp bilersiňiz.
Iş tertibi we öňünden petek sargyt etmek barada has giňişleýin maglumaty (+993 12) 44-35-30/31 we 44-35-20 telefon belgileri boýunça almak mümkin.