Türkmenistanda «Energiýanetijeliligi we durnukly gurluşyk pudagyna kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny gowulandyrmak arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiligini ösdürmek» atly täze taslama badalga aldy.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda başlanan taslama Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Onuň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi hem gatnaşýar.
Taslama häzirki zaman ölçeglerini we gurluşyk düzgünlerini işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi öz içine alýar, ol howa boýunça Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini goşmak bilen Türkmenistanyň halkara howa borçnamalarynyň ýerine ýetirmegine ýardam eder.