Ï Türkmenistanyň DIM-inde YHG-nyň Ylym gaznasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-inde YHG-nyň Ylym gaznasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2804

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasynyň prezidenti, professor Seýed Komail Taýebiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň Ylym gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Taraplar ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we sebitde ykdysady ösüşi we integrasiýany höweslendirmek üçin ylym, tehnologiýa we innowasiýa pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetlidigini bellediler.

Mundan başga-da, ylmy ugurda hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegiň berkemegine, ösen tehnologiýalary alyşmaga we umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýandygy bellenildi.

Energetikanyň, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösüşi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça gözlegler, oba we suw hojalygyndaky innowasiýalar, sanlylaşdyrmak we häzirki zaman IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.