Ï Türkmenistan üçin kiçi göwrümli gün energiýasynyň girdejililigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan üçin kiçi göwrümli gün energiýasynyň girdejililigi

view-icon 3207
Türkmenistan üçin kiçi göwrümli gün energiýasynyň girdejililigi

Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda Milli derejede kesgitlenen goşantlaryň (MDKG) durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyryp we güýçlendirip biljek innowasion tehnologiýalar ara alnyp maslahatlaşylýar, kiçi göwrümli energiýanyň mümkinçiligine-de köp üns berilýär.

Türkmenistanda gün şöhlesiniň bollugy kiçi göwrümli gün energiýasy barmasy kyn ýerleri elektrik bilen üpjün etmegiň tygşytly usulyna öwürýär.

Merkezi Garagumuň ümmülmez çöllüginde, energiýa üpjünçiligi köplenç dizel generatorlary arkaly amala aşyrylýan ýerlerde gün panelleri ykdysady taýdan amatly alternatiw bolup biler. Mundan başga-da, gün energiýasynyň ulanylmagy az ilatly ýerleriň hajatlary üçin ýerasty şor suwlaryň çykarylmagyny we süýjedilmegini üpjün etmek arkaly suw üpjünçiligi meselesini çözüp biler.

Türkmenistandaky Orhus merkezine degişli tehniki ylymlaryň kandidaty Serdar Mämetnyýazow ýurduň howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, az kuwwatly gün energiýasynyň ösüşiniň strategik taýdan möhüm ugurdygyny nygtaýar.

– «Agrowoltaika» – ekin meýdanlarynda dik gün panellerini oturtmak hem Türkmenistan üçin geljegi uly ugur bolup biler. Özbegistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň bu ugurdaky üstünlikli tejribesi panelleriň «kölegäni halaýan» ekinlere kölege berýän, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýan we şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasyny öndürýän şunuň ýaly peýwendiň netijeliligini görkezýär.

5-10 kWt aralygyndaky pes kuwwatly energiýa ulgamlary uzak etraplardaky aýry-aýry hojalyklary özbaşdak energiýa bilen üpjün etmek üçin iň amatly çözgüt bolup biler.

Gün panelleriniň ulanylmagy täze awtoulag ýollaryny yşyklandyrmak üçin hem diýseň peýdaly görünýär. Günüň dowamynda gün energiýasyny ýygnaýan özbaşdak çyralary oturtmak yşyklandyryş üçin edilýän çykdajyny ep-esli azaldar.

Türkmenistan eýýäm synag meýdançalarynda we jemgyýetçilik ulgamynda synag taslamalaryny durmuşa geçirip, gün tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga taýýardygyny görkezýär. Lebap welaýatynyň Pelwert obasynyň saglyk öýünde gün panelleriniň oturdylmagy munuň mysalydyr.

Öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, gün panelleri milli göwrümli infrastruktura taslamalaryna hem giriziler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berende, Arkadag şäheriniň demirýol we awtomobil menzilleriniň gün panelleri bilen enjamlaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Bu taslama Aziýa Ösüş bankynyň grantynyň hasabyna maliýeleşdiriler, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde amala aşyrylar. Gurnalan gün panelleriniň menzil toplumlarynyň dolandyryş hem yşyklandyryş ulgamlaryny elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmegine garaşylýar.