Ï Türkmenistanda üstaşyr ýük dolanyşygy artdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda üstaşyr ýük dolanyşygy artdy

view-icon 1726

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda üstaşyr ýük dolanyşygy 20 göterime golaý artdy. Şunda awtomobil arkaly daşalýan ýüküň mukdary takmynan ýüzden ýigrimi bäş, demir ýol arkaly daşalýan ýüküň mukdary bolsa ýüzden alty esse köpeldi.

Döwlet serhedinden iki million tonnadan gowrak haryt üstaşyr geçirildi. Bu üstünlik, ulag we logistika, şeýle hem üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, gümrük serhedinden geçýän ýük dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, üstaşyr ýükleriň çalt daşalmagy we ulaglaryň üznüksiz hereketi üçin amatly şertleri döretmek boýunça ýurtda alnyp barylýan yzygiderli işler netijesinde mümkin boldy.

Mundan başga-da, serhet geçelgelerinde gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek işleri geçirildi, olaryň maddy-tehniki esasy berkidildi, gümrük işine maglumat tehnologiýalary girizildi.