Ï Aşgabat – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi

view-icon 1764
Aşgabat – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty nobatdaky Aşgabat şäheriniň gününi ýylyň şygaryna mynasyp belleýär. Baýramçylyk çäreleriniň çäginde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Aşgabat – parahatçylyk we ynanyşmak merkezi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çäre bu bilim edarasynyň talyplary we mugallymlary, şeýle hem türkmen paýtagtynyň ösüşiniň taryhy we medeni jähetlerini ýaşlara görkezen myhmanlary bir ýere jemledi.

Müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary Serdar Hezilow ýygnananlara «Hoş geldiňiz!» diýip, Aşgabadyň daşky görnüşiniň günsaýyn gözelleşýändigini belledi. Hemişe ösüşdäki şäher döredijilik adamlaryny Merkezi Aziýanyň merjen şäherini wasp edýän sungat we poeziýa eserlerini döretmäge ruhlandyrýar.

Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bagtygül Hojageldiýewa, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň işgäri Kakajan Baýramow, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirliginiň wekili ylmy işleri bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda häzirki Aşgabadyň binagärlik keşbi barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem mekdebiň talyplary – dizaýn, neşirýat işleri we žurnalistika boýunça geljekki hünärmenler – iň täze tehnologiýalar we binagärlik ugurlary bilen utgaşan, köp asyrlyk Gündogar däplerini gorap saklamagy başaran türkmen paýtagty barada daşary ýurt dillerinde çykyş etmek bilen, öz döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Türkmen şahyrlarynyň şäheriň gözelligi we rahatlygy hakyndaky goşgulary-da okaldy. Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen üstünliklerine aýratyn üns berildi. Bu bolsa onuň taýsyzlygynyň we ähmiýetiniň ýene bir tassyklamasy boldy.

Maslahatyň çäginde talyplary şäheriň özboluşlylygy barada gürrüň berýän sungat eserleridir çap önümleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.