Ï Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi

view-icon 2865
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi
camera-icon
Maksat Gylyjow

20-nji maýda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Aşgabat şäher halk maslahatynyň, ýurdumyzda hereket edýän önümçilik birleşikleriniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden Kararynyň many-mazmuny barada durup geçdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň dünýä halklary bilen ynsanperwer, hoşniýetli we parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmek babatynda alyp barýan syýasatynyň halklaryň dostlukly gatnaşyklaryna ýetirýän täsiri dogrusynda gürrüňler edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda beýan edilen asudalyk, abadançylyk hakyndaky wakalar maslahatyň has-da täsirli we gyzykly geçmegine mümkinçilik döretdi.