Ï Hytaýyň innowasion tehnikasy Aşgabatda jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaýyň innowasion tehnikasy Aşgabatda jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar

view-icon 2335
Hytaýyň innowasion tehnikasy Aşgabatda jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar

Aşgabat şäher häkimligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Ylalaşygyň maksady jemagat hojalygy pudagyny ösdürmek we ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmakdyr.

Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, Türkmenistanyň paýtagtyna öwreniş topary geldi. Bilermenler şäheriň hajatlaryny jikme-jik öwrendiler we enjamlary gönüden-göni Aşgabadyň köçelerinde, şol sanda dürli howa şertlerinde-de synagdan geçirdiler. Synaglaryň dowamynda enjamlar Merkezi Aziýanyň howa şertlerine uýgunlaşdyryldy, bu bolsa olaryň +45 gradusa çenli temperaturada we beýleki dürli ýagdaýlarda işlemegini üpjün edýär.

Gazanylan ylalaşygyň çäginde «Infore Enviro» Türkmenistana ýollary arassalamak, zibil aýyrmak we şäher infrastrukturasyna hyzmat etmek üçin giňişleýin çözgütler hödürlär. Ýurdumyza getiriljek enjamlara gije-gündiziň dowamynda goldaw berip, hyzmat etjek ýerli merkeziň açylmagy bu hyzmatdaşlygyň möhüm tarapydyr.

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahatynda, «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiri jenap Fu Sýuý bu ylalaşygyň Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygynda täze bir bap açýandygyny aýtdy. Ol bu taslamanyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly bolmak bilen, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge kömek edýändigini nygtady.