Ï «Ak şäherim Aşgabat» köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylaryň teswirleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ak şäherim Aşgabat» köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylaryň teswirleri

view-icon 2155
«Ak şäherim Aşgabat» köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylaryň teswirleri

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Çäre öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň we ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekdi, olar türkmen paýtagtynyň we sebitiň ösüş mümkinçiligi barada öz pikirini beýan etdiler. 

«Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Türkmenistanyň Hökümetini we ýurduň ilatyny Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Ol paýtagtyň şäher gurluşygynda gazanan üstünliklerine we häzirki zaman şäher gurşawynyň döredilmegine ýokary baha berdi we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabat uzakdan görüjilikli konsepsiýasy we ýokary tehnologiýaly infrastrukturasy bilen daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekýär. «Gар Inşaat» we «Çalik Enerji» kompaniýalary ekologiýa taýdan arassa taslamalary durmuşa geçirip, şäheriň ösüşine goşan goşandyna buýsanýarlar.

Hytaýyň tehniki enjamlary import we eksport boýunça milli korporasiýasynyň (CNTIC) prezidenti Sýuý Lýu Türkmenistanyň senagatynyň ösüşi, sanlylaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy üçin uly mümkinçilige eýe bolan strategiki hyzmatdaşdygyny aýtdy. CNTIC hil, tehnologiýalar (şol sanda EA, awtomatlaşdyryş, sanly modelleşdirme we «ýaşyl» tehnologiýalary bilen birlikde) we önümçilik desgalarynyň gurluşygyny, ulag we energiýa infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda toplumlaýyn çözgütleri hödürläp, ygtybarly hyzmatdaş bolmaga taýyndyr.

«BVS Construction Limited» kompaniýasynyň direktory Wadim Skorobogatko «Ak şäherim Aşgabat» maslahatynyň tehnologiýalar, tebigat we milli özboluşlylyk bilen utgaşýan «akylly» we durnukly şäheri döretmek guralyna öwrülip, işewür toparlara ylham berýändigini aýtdy. «BVS Construction Limited» kompaniýasynyň ýol infrastrukturasyny we ýagyş suwlaryny akdyrmak ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara tejribesine esaslanýan çözgütleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. 

Iki günläp myhmanlar we çärelere gatnaşyjylar diňe bir Türkmenistanyň gurluşyk we tehnologiki ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşman, eýsem, taryhy ýadygärliklere, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmäge we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk konsertine tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.