24-nji maýda paýtagtymyzyň häkimi Rahym Gandymow «Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş etdi. Ol çykyşynda ýurduň senagatlaşma maksatnamasynyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň möhüm üstünlikleri bilen tanyşdyrdy, pagta süýümi, matalar, ýokary woltly elektrik paýlaýyş enjamlary, aýakgap we derman önümleri öndürmek ýaly dürli pudaklarda senagat önümçiliginiň netijeli ösüşini belledi.
Aşgabat, esasanam, ykdysadyýetiň döwlet pudagyna uly möçberli maýa goýumlaryny çekip, güýçli depginlerde ösýär. Bu maýa goýumlary uly göwrümli gurluşyklara gönükdirilýär, şäherde eýýäm onuň netijeleri göze ilýär.
Mysal üçin, 2024-nji ýylda ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly potratçylaryň gatnaşmagynda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň 160-sy ulanmaga berildi. Paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmäge hem köp serişde gönükdirilýär, bu bolsa şäher gurşawyny gowulandyrmaga toplumlaýyn çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.
Paýtagtyň demirgazygynda gurulmagy meýilleşdirilýän ägirt uly «Aşgabat Siti» taslamasyna — «akylly şäher» konsepsiýasyna aýratyn üns berilýär. Aşgabady 2045-nji ýyla çenli ösdürmegiň baş meýilnamasynyň çäklerinde ummasyz meýdany öz içine alýan bu uly göwrümli taslamada ýüzlerçe häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem mekdepler we çagalar baglary bilen birlikde söwda-medeni-durmuş infrastrukturasynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Ol innowasiýa şäher ösüşiniň nusgasy bolmaga we halkara maýadarlaryny çekmäge niýetlenýär.
Depginli gurluşyk bilen bir hatarda, Aşgabat ekologiýa başlangyçlaryna uly üns berýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde şäher her ýyl «ýaşyl» we amatly şäher gurşawynyň döredilmegine ýardam edýän millionlarça agaç nahallaryny oturtmak arkaly durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezýär.
«Ruhlandyr, döret, birleşdir!» şygary bilen geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» maslahaty tejribe alyşmak, maýa goýumlaryny çekmek we şäher gurluşygy pudagynda bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Onuň tematiki mejlisleri: durnukly ösüş, innowasion gurluşyk, sanly üýtgetmeler, şeýle hem ulag we şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.