Ï Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby işgärlerine harby derejeleri gowşurylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby işgärlerine harby derejeleri gowşurylyş dabarasy geçirildi

view-icon 2419
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby işgärlerine harby derejeleri gowşurylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby gullukçylaryna harby dereje bermek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelindäki Kararyna we «Türkmenistanda Döwlet gümrük gullugy hakynda» Düzgünnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ýaş harby gullukçylary ýörite hünär taýýarlygyny we harby tälim boýunça okuw sapaklary üstünlikli geçdiler.

Okuw tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby gullukçylaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuw wagtynda ýaş hünärmenler gümrük işleriniň dürli ugurlary, rentgen-barlag ulgamlarynyň işleýiş aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar. Diňleýjiler barlag nokatlarynda we Halkara gümrük terminalynda amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler.

Ýaş harby gullukçylar ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza wepaly hyzmat etjekdiklerine kasam etdiler.