Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri kabul ediş nokatlaryna pile tabşyrmak işini ýokary derejede alyp barýarlar. Gysga wagtyň içinde eýýäm bu gymmatly çig malyň iki ýüz tonnasy tabşyryldy. Pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary 184 tonna bolan Şabat etrabynyň we şu ýyl dokma senagaty üçin 80 tonna möhüm çig mal taýýarlamagy meýilleşdirýän Görogly etrabynyň pileçileri bu jogapkärçilikli işi guramaçylykly alyp barýarlar.
Welaýat boýunça bäş ýüz tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu ýyl bu çig maly öndürmek barada sekiz müň kärendeçi bilen şertnama baglaşyldy. Bu işe birnäçe ýüz hususyýetçiler we käbir daýhan birleşikleri-de gatnaşýar.
Sebitiň ýüpekçileriniň her ýyl pile öndürmekde üstünlik gazanýandygyny bellemelidiris. Döwlet tarapyndan oba hojalykçylara hemmetaraplaýyn goldawyň berilmegi, şol sanda piläniň ýokary satyn alyş nyrhy, dürli guramaçylyk meseleleriniň öz wagtynda çözülmegi, her möwsüm üçin ýerli ýüpek gurçuklarynyň yhlas bilen taýýarlanmagy, ýüpek gurçuklaryny netijeli iýmitlendirmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe we tut agajynyň giň meýdanlarynyň bolmagy munuň esasy sebäpleridir.