Ï BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 4918
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) mazmuny babatda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, plenar mejlisleri, tegelek stollary, forumlary we başga-da parallel çäreleri geçirmek üçin degişli ýerleri taýýarlamak boýunça işleriň gidişine jikme-jik seredilip geçildi.

Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde bu Maslahatyň ýokary ähmiýeti nygtaldy.