Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada daşary söwda statistikasy boýunça tejribe alyşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada daşary söwda statistikasy boýunça tejribe alyşýar

view-icon 2125
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada daşary söwda statistikasy boýunça tejribe alyşýar

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Merkezi bankynyň we Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerinden ybarat wekiliýet Gazagystana iş sapary bilen gitdi.

Bu sapar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan durmuşa geçirilýän «Daşary söwda statistikasyny hyzmatlar arkaly kämilleşdirmäge, şeýle hem ýolagçy we ýük gatnawynyň mukdary baradaky statistik maglumatlary gowulandyrmaga goldaw» taslamasynyň çäginde guraldy. Saparyň maksady halkara hyzmat söwdasy pudagynda statistik maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we ýaýratmak boýunça öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmakdyr. Bu ugurda pudagara hyzmatdaşlyga we häzirki zaman sanly çözgütleriň ulanylmagyna aýratyn üns berler.

Türkmen wekiliýeti saparyň çäginde «QazTrade» söwda syýasatyny ösdüriş merkezine baryp görmek bilen, onuň alyp barýan işleri, Gazagystanyň eksport syýasatyny emele getirmekdäki we daşary ykdysady işjeňligi goldamakdaky hyzmaty bilen tanyşdy.

Merkezde geçirilen işewür duşuşyklarda statistika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň elektron hökümetiniň infrastrukturasynyň öňdebaryjy operatory bolan «Milli maglumat tehnologiýalary» paýdarlar jemgyýetine baryp gördi. Türkmenistanlylar maglumatlary dolandyrmakda ösen sanly çözgütlerden peýdalanmak we olary döwlet statistikasy ulgamynda ulanmak tejribesini öwrendi. Saparyň dowamynda alnan bilimler we ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary daşary hyzmat söwda statistikasyny döwrebaplaşdyrmak we sebitde döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça strategik ýol kartasynyň işlenip düzülmegine goşant goşar.