Aşgabatda durmuş taýdan goraglylygyň milli ulgamyna baha berjek gural işe girizildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň hökümeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Halkara Zähmet Guramasy we Bütindünýä banky tarapyndan durmuşa geçirilýär. Ol ýurdumyzda durmuş taýdan goraglylyk ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Çärä gatnaşanlar başlangyjy durmuşa geçirmek meýilnamasy bilen tanyşdylar, bu işi sazlajak iş toparynyň wezipeleri we düzümi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem bu guralyň Ermenistanda, Özbegistanda we Täjigistanda durmuş syýasatyny özgertmäge nähili kömek edendigi barada mysallar getirildi.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea durmuş taýdan goraglylygyň milletiň giňişleýin ösüşiniň we durnuklylygynyň esasydygyny belledi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işgärleri, şeýle hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdy.